8-nji iýunda Ženewada bolup geçen Zähmetiň Halkara Konfederasiýasynyň 109-njy sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmeti ulanmak problemasy ara alynyp maslahatlaşyldy. Iş ýüzünde mejlisde çykyş edenleriň ýekeje-de biri hem türkmen býujetçileriň Işden kowulmak gorkusy astynda öz wezipe borçlaryna girmedik işleri ýerine ýetirmäge mejbur edilýändiklerine şübhe bildirmedi. Diňe hemişekisi ýaly ýurtda mejbury zähmetiň düýbünden ýoklygy barada şu çaka çenli hemmäni ynandyryp gelen Türkmenistanyň resmi wekilleriniň çykyşlary kadadan çykma ýaly boldy.
«Ýygyma çekilýänleriň» hukuklary
Türkmenistanyň zähmet we sosial goragy ministri Muhammetseýit Silapow özünüň çykyşynda ilki bilen Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Halkara Konfederasiýasynyň taýarlan dokladyna jogap hökmünde türkmen hökümetiniň maý aýynda öz teswirlerini berendigini ýatlatdy. Ol pagta eksportynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine onçakly wajyp däldigi, pagta önümçiligiň dokma ulgamynda iş orunlary döretmekde wajypdygy baradaky türkmen tarapyndan hödürlenen teswirlerde aýdylan tezisleri gaýtalady.
Şeýle hem Silapow öz çykyşynda pagta ýygymynda el zähmetiň ulanylşy boýunça käbir anyk sanlary getirdi. Ol sanlar beýle bir kiçijik bolup çykmady. Ministriň sözlerine görä, 2015-nji ýylda pagta hasylynyň 71% el bilen ýygylypdyr, 2020-nji ýylda bolsa - 28%.
Bu sapar hem, adaty boluşy ýaly, ähli halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän (emma, gynansakda, doly we dogry ýerine ýetirilmeýän) türkmen kanunçylygynyň içine edilýän giňişleýin aýlawdan ýüz öwrülmedi. Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň «Mejbury zähmetiň ýatyrylmagy hakyndaky» 1957-nji ýylda kabul eden 105-nji Konwensiýasyny ratifikasiýa etdi diýip, Silapow nygtady.
Şeýle hem döwlet emeldary mejbury zähmeti 2020-nji ýylda kabul edilen turkmen Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy hem gadagan edýändigini aýtdy. Türkmenistan BMG-y we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça plany üstünlikli berjaý edýär diýip, ol tekrarlady.
«Ýakyn gelejekde pagta senagaty mundan hem aňry dowam ediljek hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup biler» diýip, Silapow belledi.
2016-2020-nji ýyllarda, HZG-nyň beren maslahatlaryny hem-de türkmen pagtasyny satyn alýan iri kompaniýalaryň soragnamalaryny göz öňünde tutup, pagta meýdanlaryna birnäçe gezek inspeksiýa saparlary guraldy diýip, Silapow sözünde belledi.
«Bu barlag saparlaryň netijesi boýunça gyzyklandyrma bildiren taraplar üçin degişli hasabatlar taýarlandy. Ýagdaýa baha bermek pagta ýygym möwsüminde, ýagny işçileriň hut özleriniň pagta meýdanlarda mahaly geçirildi. Hiç-hili kada bozulmalar ýüze çykarylmady, barlagy geçiren auditorlar mejbury zähmeti ulanmak iş tejribesiniň ýoklugyna göz ýetirdiler» diýip, Silapow öz çykyşynda beýan etdi.
Emma bu aýdylanlardan soň ministr gaty seresapsyz sözläp ugrady. «Häzirki wagtda oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamaga çekilýän adamlaryň arasynda özara şertnama baglaşmak tertibi kämilleşdirilip başlandy» diýip, ol aýtdy. Silapow rus dilinde çykyş etdi. Şonuň üçin ol pagtany ýygýanlary hut şeýle, ýagny «hasyly ýygnamaga çekilýän adamlar» diýip atlandyrdy. Işi öz erkine edýän meýletinçileri adatça beýle atlandyrmaýarlar. Gynansakda, konferensiýanyň resmi dili bolan fransuz diline terjime edilende bu «sözleriň oýuny» ýitýär.
Umuman aýdanyňda, eger her sapar pagta ýygmaga alyp gitmezinden öň býujetçilere şertnamanyň aşagyna gol çekdirtseler, onda olaryň ýaşaýyşy ýeňilleşer diýmäge şübhe döreýär.
Silapowyň çykyşy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) halkara gatnaşyklar departamentiniň başlygynyň orunbasary Allaberdi Hajyýew tarapyndan her-hili goldaw tapdy. Ol pagtany öndürmeklik türkmenistanly işewürler üçin özüne çekiji işdir, çünki olar bu iş bilen bir hatarda ýeri 99 ýyl möhleti bilen kärendesine almaga hukuga eýe bolýarlar we tehnikany satyn almaga amatly kreditleri alyp bilýärler diýip, ol aýtdy. Hajyýewiň sözlerine görä, şu günki güne çenli Türkmenistanda 517 sany daýhan birleşigi hereket edýär. Olardan 180 sanysy eýýam hususy sektora geçipdir, galanlary bolsa 2025 ýyla çenli doly hususylaşdyrylar. Şeýlelik bilen, TSTB-iň wekili ýurtda häzire çenli bar bolan daýhan birleşikleriň ýarpysyndan gowragynyň döwlete degişlidigini boýun aldy.
«Oba hojalyk kärhanalary girdeji almak mümkinçiligi örän gyzyklandyrýar, şonuň üçin olar mejbury zähmeti ulanmakda hiç-hili görnüşde gyzyklanma bildirmeýärler» diýip, Hajyýew ynandyrdy.
Şeýle hem kärdeşler arkalaşyklaryň Milli Konfederasiýasynyň durmuş we zähmet hukuklary goramak boýunça departamentiniň başlygy Myrat Haýytow hökümetiň peýdasyna çykyş etdi. Onuň sözlän sözi esasanam kärdeşler arkalaşyklaryň roluny formal taýdan suratlandyrmakdan, ýagny «zähmet baradaky kanunçylygyň ýerine ýetirilşine biz jemgyýetçilik gözegçiligini guradyk» we şuňa meňzeş umumy sözlerden ybarat boldy. Ol zähmet baradaky hukuga degişli bolan 11 sany konwensiýany Türkmenistanyň ratifikasiýa edendigini nygtady. Haýytowyň sözlerine görä, mundan başga-da häzir ýurtda täze Zähmet Kodeksiniň üstünde iş alynyp barylýar.
«Şu günki güne çenli mejbury zähmetiň ulanylýandygy barada raýatlardan ýa-da beýleki birinden kärdeşler arkalaşyklar guramalarynyň adyna ýüzlenmedir arza gelip gowuşmady. Muňa garamazdan kärdeşler arkalaşyklary ýygy-ýygydan bu ugurdan monitoring, ýörite çykyşlary we seminarlary geçirip, esasy ünsi oba hojalyk önümleri öndürijilere gönükdirdi» diýip, ol öz çykyşynda aýtdy.
«Ynanmaýarys!»
Türkmen tarapynyň getiren delillerini Norwegiýadaky kärhanalaryň Konfederasiýasynyň (bu Norwegiýada iş berijileriň guramasy) aklawçysy Henrik Mynte (suratda) öz çykyşynda ýiti tankyt astyna aldy.
Ol ilki «kanunçylyk jähtden edilen öňe ymtylmalary» we halkara guramalar bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmek boýunça planyň kabul edileni şeýle hem pagtany maşynlaryň güýji bilen ýygyp almakda resmi yglan edilýän üstünlikleri üçin Türkmenistany öwdi.
«Emma bu oňlanmaly ädimler diňe kanunçylyk babatyndaky edilen özgerişlere we halkara institutlar bilen bilelikdäki hereketleri güýçlendirmek meýillere degişli boldy. Bu bolsa 105-nji konwensiýanyň iş ýüzünde ulanyldygy däldir. Bu konwensiýa Türkmenistan tarapyndan ratifikasiýa edileninden soň 24 ýyl geçdi. Emma konwensiýanyň ýerine ýetirmekligini gazanmak üçin entek köp işleri etmeli» diýip, Mynte aýtdy.
Mynte Özbegistany «ykdysady ösüş maksady bilen zähmet güýçlerini belli bir derejede mobilizleýän ulgamy» köki-damary bilen ýok etmegi başaran döwlet hökmünde mysal edip getirdi.
Aklawçy pagta ýygmak tertibini üýtgetmek, şol sanda emeldarlaryň we ýönekeý raýatlaryň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmak, korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmek, zähmet inspeksiýalaryň işini kämilleşdirmek we beýleki gyzyklandyrma bildirýän taraplary kanunçylygyň berjaý edilşine monitoring etmek işine gatnaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça birnäçe praktiki mehanizmleri teklip etdi.
Özbegistanyň hökümetiniň adyndan konferensiýada Ýekaterina Gorbunowa çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň häkimiýetleriniň mejbury zähmeti düýbünden ýok etmäge taýardygyny özbek tarapyndan oňat garşylanýandygy barada aýtdy.
Ýygnakda özüniň tankydy bellikleri bilen Hristian kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň (Belgiýada bu iň iri kärdeşler arkalaşyklaryň federasiýasy) prezidenti Mark Leýmans çykyş etdi. Ol şeýle diýdi: «Bir giden ýurtlar üçin pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmeti ulanmaklyk aktual mowzuk bolup dur. Türkmenistandaky hökümet pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda örän işeňňirlik görkezýär. Mejbury zähmeti ulanmak ýurdy dolandyrýan ulgamyň iň ýokary derejesinde goldanýan instituta öwrüldi».
Pagtany öndürmek boýunça ýokardan düşürilýän plan we ol planyň berjaý edilmedik mahalynda ulanylýan sanksiýalar dürli-dürli hyýanatçylyklaryň döremegine oňaýly ýagdaýy emele getirýär diýip, Leýmans sözünde belledi. Kärdeşler arkalaşygyň öňde baryjysynyň sözlerine görä, pagta meýdanlarynda mejbury zähmet ulanylanda işgärler özleriniň göniden-göni etmeli borçlaryny ýerine ýetirip bilenoklar, bu bolsa butin pudaklaryň kadaly işlemegine uly howp abandyrýar. Şeýlelikde, 2018-nji ýylda Maryda mugallymlaryň 70% pagta ýygmaga ugradyldy. Mundan başga-da mejbury zähmet köp halatlarda mynasyp bolmadyk, arassaçylyk kadalarynyň bozulmagy, iş wagtynyň çenden aşa uzaldylmagy ýaly şertlerde amala aşyrylýär.
2016-njy ýyldan, ýagny bu mowzugyň HZG-da ilkinji gezek ara alyp maslahatlaşylandan soň, Türkmenistandaky ýagdaý hiç-hili üýtgemedi diýip, Leýmans nygtady. Şeýle hem ol türkmen hökümetiniň bu problemanyň bardygyny şu çaka çenli boýun almaýandygyny aýtdy. «Beýle görnüşli işiň alyp barylmagyny gadagan edýän kanunlaryň kagyz ýüzünde galýandygy köre hasa» diýip, kärdeşler arkalaşyklaryň wekili belledi. «Elbetde, erkin metbugatyň we garaşsyz kärdeşler arkalaşyklaryň ýoklugy ýagdaýyň gowulaşmagyna ýardam bermeýär» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Öz çykyşynyň ahyrynda Leýmans ministr Silapowyň halkara guramalar bilen hemme taraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdanlaryna şübhe bildirdi. Leýmansda bar bolan maglumata görä, belli bir pagta meýdanlaryna barmakçy bolanlarynda HZG-nyň wekillerinde käbir kynçylyklar döredi.
Konferensiýanyň dowamynda ABŞ-da zähmetkeşleriň hukuklaryny goraýjy Erik Gotwald şuny ýatlatdy: «2018-nji ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary mejbury zähmeti ulanmak ýoly bilen öndürilen pagtanyň eksportyna gadaganlyk girizmek baradaky karary kabul etdi. Bu gadaganlyga garamazdan şeýle harytlary ýurda getirmegini dowam edýän kompaniýalar çynlakaý jerimeler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Elbetde, mejbury zähmet – bu mynasyp zähmetiň antitezasydyr».
Ýeke-täk goragçy
Konferensiýanyň dowamynda türkmen emeldarlaryna ýeke-täk delegat, ol hem Russiýa Federasiýasynyň wekili Wadim Sergeýew arka durdy. Öz çykyşynda ol şeýle diýdi: «Pagta ýygym döwründe mejbury zähmeti giňden ulanýanlykda türkmen tarapyna bildirilýän aýyplamalary biz esassyz hasap edýäris. Bu aýyplamalar bu ugurdaky hakyky ýagdaýy, şol sanda Aşgabadyň degişli pudakdaky işleri mehanizmleşdirmek we umuman beýle utançly fenomeni köki bilen ýok etmek boýunça edýän ägirt tagallalaryny şöhlelendirmeýär».
Onuň çykyşynyň ikinji minutynda, «umuman alanyňda, HZG-nyň meýdançasynda synanşyklara ýol berilmeli däldigini belleýäris» diýende, Sergeýewiň mikrofony öçdi. Ýygnaga başlyklyk edýän muny mikrofonyň işlemeginde dörän tehniki problemalar bilen düşündirdi we söz nobatyny Russiýa Federasiýasynyň beýleki bir wekiline, «Russiýanyň zähmet Konfederasiýasy» atly umumyrussiýa kärdeşler arkalaşyklary birleşmesiniň prezidenti Boris Krawçenko berdi. Krawçenko öz watandaşynyň pozisiýasyny paýlaşmady.
«Türkmenistanyň mejbury zähmet hakyndaky 105-nji Konwensiyany berjaý etmeýändigi barada ekspertleriň komiteti birnäçe gezek belläpdi. Söz azatlygynyň dolulygyna ýoklugyny nazara alsak, Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolup durýar. Mundan başga-da bu ýurtda işçileriň özleriniň birleşmek azatlygyna bolan hukugyny amala aşykmak bilen bagly çynlakaý problemalary başdan geçirýädikleri hemmelere mälim. Ýurtda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklar ýok. Soňky ýyllaryň dowamynda elýeterli bolan hasabatlar bolsa turkmen döwleti tarapyndan guralan mejbury zähmetiň oba hojalyk pudagynda yzygiderli ulanýandygyny tassyklaýar» diýip, Krawçenko aýtdy.
Krawçenkodan soň Türkmenistany Şweýsariýanyň wekili tankytlady. Ondan soňra söz gezegi Azerbeýjan hökümetiniň wekili Seýmur Mardaliýewe berildi. Beýleki delegatlaryň köpüsinden tapawutlykda, ol has ýumşak sözleri aýtdy. Has takygy, ol 105-nji konwensiýa boýunça Türkmenistanyň edýän tagallalaryna Azerbeýjanda ýokary baha berilýändigini belledi. «Türkmen hökümetiniň edýän hereketleri onuň galdyrylýan meseleleri çözmäge taýardygyny görkezýär» diýip, Mardaliýew belledi.
Mundan soňra söz gezegini ýene-de Sergeýew aldy. Ol özünüň çykyşyny şeýle sözlem bilen tamamlady: «Zähmetiň Halkara Konferensiýasyny we onuň komitetlerini mynasyp zähmetiň konsepsiýasyny öňe sürmek, işgärleriň we iş berijileriň bähbitlerini ygtybarly goraýan gurallaryny kämilleşdirmek bilen bagly öňde duran wezipeleriň çözgüdüni bilelikde tapmaga gönükdirilen konstruktiw, birek birege sylaşykly hyzmatdaşlygyň peýdasy üçin obýektiwligi bolmadyk, gapma-garşylyga getirýän gün tertipden ýüz öwurmäge Russiýa Federasiýasy çagyrýär».
Geçirilen çäräniň ahyrynda söz ýene bir gezek zähmet ministri Silapowa berildi. Ol «geçirilen iş we bolup geçen konstruktiw söhbetdeşlik üçin» HZG-nyň komitetine minnetdarlyk bildirdi. «Pagta ýygymynda mejbury zähmetiň döwlet tarapyndan institutlaşdyrylandygy baradaky beýannamalaryň esassyzdygyny we olaryň ýerlerdäki hakyky ýagdaýy şöhlelendirmeýändigini biz anyk beýan edýäris» diýip, problemanyň bardygy boýun alynsa bu onuň çözgüdine tarap edilen wajyp ädim hökmünde baha beriljekdigine konferensiýanyň dowamynda aňlamadyk (belkem, konferensiýadan soň öz wezipesini ýöne ýere ýitirmek islemedik) emeldar sözüni jemledi.
----------------------------------
Türtkmenistanda ýerleriň aglaba bölegi döwlete degişli. Daýhanlar ýeri kärende esasynda alyp ulanýarlar. Olaryň haýsy ekini ekmelidigini döwlet berk kesgitleýär. Bu esasan bugdaý bilen pagta. Olaryň öndürmeli hasylynyň möçberi döwlet plany bilen kesgitlenilýär. Hasyl bir derejede berkidilen nyrhlar boýunça döwlete tabşyrylýar. Formal taýdan häkimiýetler kärendeçileri tohum, dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçly. Emma olar öz borjuny ýaramaz berjaý edýärler. Yzy üznüksiz edilýän «kömek» diýip, diňe meýdanlara getirilýän býujet guramalaryň işgärlerini görkezmek bolar. Olary pagta ýygmaga mejbur edýärler. Boýun bolmadyklara işden çykarylmak howpy abanýar. Käbir halatlarda işgärlere özbaşdak zähmet çekmegiň deregine gapdaldan hakyna tutulýan ýygymçy üçin pul tabşyrmak rugsat edilýär. Türkmenistanda işsizlik derejesi gaty ýokary. Býujet edarasynda iş ornuny ele almak uly rowaçlyk hasaplanýar. Şonuň üçin bu edaralaryň işgärleri mejbury zähmetiň garşysyna protest bildirip bilenoklar.