Azatlyk Radiosynyň mundan öň beren maglumatlaryna görä, onlarça müň türkmenistanly student daşary ýurtda bilim alýar. Olaryň aglabasy öz hasabyna okaýar we stipendiýa almaýar.
Şol bir wagtyň özünde, olar soňky ýyllarda maddy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, ene-atalarynyň bank kartlaryna geçirýän pullaryny çekmegiň ýa-da “Western Union” arkaly Türkmenistandan pul almagyň örän kyndygyny Azatlyk Radiosyna habar berýärler.
Hut şol sebäpli, studentler okuwynyň daşyndan ýa-da okuwyna wagtlaýynça arakesme berip, ujypsyz haka işlemäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Eger biz işläp, pul gazanmasak, onda aç yatmaly bolýarys. Şonuň üçin-de, ýigitler esasan, gurluşyklarda, restoranlarda gyzlaram naharhanalarda, restoranlarda ýa-da kafelerde hyzmatçy, gap-çanak ýuwujy we tämizlikçi bolup işleýärler” diýip Belarusda okaýan, adynyň tutulmagyny islemedik 23 ýaşly student Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.
“Biz günde 5-10 dollar hak üçin 10-12 sagatlap işlemeli bolýarys. Ylaýta-da, agyr zähmet çekýändigiňe garamazdan, iş ýeriniň başlygynyň ýa-da jogapkär wekiliniň studentlere örän gödek ýüzlenmesi hasam janyňa degýär.Hatda, olaryň studenti kemsidip, paýyş sözleri aýdýan wagtlary hem bolýar. Çünki, olar biziň 5-10 dollara mätäç bolandygymyz üçin hiç ýere arz-şikaýat etmejekdigimizi gowy bilýärler. Emma, bu näçe ajy bolsa-da, hakykat”diýip, 23 ýaşly student belleýär.
Orsýetde okaýan we özüni Polat diýip tanadan başga bir talyp hem agyr iş şertleriniň bardygyny aýdýar. Ol işlän wagtynda öz başyndan geçirenleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Men gurluşykda beton guýdum, restoranlarda müşderilere hyzmat edýän bolup işledim. Ir sagat 8-den agşam sagat 6-a çenli zähmet çekdim. Berýän haklaram günüňe 10-12 dollar. Bu pula Russiýada ýaşamak aňsat däl. Geçen hepde bolsa, bir dostum bilen ýaşaýan ýerimize ýakyn restorana işlemäge gitdim. Ol ýerde türkmen oglan-gyzlar köpdi. Kimsi stollary bezeýär, kimsi gap-çanak ýuwýar ýa-da sogan, kartoşka arassalaýar. Günortan 12-den daňdan 2-ä çenli “gul ýaly” işläp, 10-12 dollar gazanç etdim” diýip, Polat restoranda işleýän türkmen studentleriniň hukuklarynyň gödek bozulýandygyna şaýat bolandygyny sözüne goşýar.
“Restoranyň ýolbaşçysy bolan aýal türkmen gyzlaryna gygyryp, şahsyýetini kemsitdi. Hatda, ol gyzlardan türkmençe däl-de, diňe rusça gürlemegi talap etdi. Olaryň käbiri obadan gelensoň, rusçany gowy bilmeýär. Dogrusy, men student gyzlarymyzyň egnini gysyp, ylgaşyp ýörendigine namys edip, agym tutdy” diýip, Polat atly student aýdýar.
Ýöne, şu maglumatlar bilen ilteşikli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndan ýa-da Bilim ministrliginden kommentariýa alyp bolmady.
Mundan öň Azatlyk Radiosy şu ýylyň dowamynda Russiýanyň Elista şäheriniň döwlet uniwersitetinde okaýan student Akmuhammet Ylýasowyň, Adygeý respublikasynyň döwlet uniwersitetinde okaýan Orazmyrat Nurýagdyýewiň gurluşykda işleýän wagtlary ýüze çykan pajygaly wakalarda ýa-da pul ýetmezçiligi sebäpli, okuwynyň daşyndan taksiçi bolup işleýän, daşoguzly student Akmuhammet Otuzowyň Russiýanyň Pskow welaýatyndaky ýol heläkçiliginde aradan çykandygy barada habar beripdi.
Resmi media çet ýurtlarda okaýan studentleriň sosial-ykdysady problemalary barada kelam agyz maglumat bermeýär. Olar diňe studentler üçin ýurtda zerur mümkinçilikleriň bardygyny, hökümetiň studentlere kömek edýändigini, karz pul berýändigini ýazýarlar.
10-njy iýunda bolsa, Türkmenistanyň “Bilim baradaky“ kanunynyň täze redaksiýasy rus dilinde çykýan “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen kanunda raýatlaryň bilim almak hukuklaryna döwletiň kepilnamalary takyklanýar we studentleriň şol sanda, daşary ýurtlarda okaýan studentleriň hem ýörite stipendiýalara bäsleşip bilýändikleri nygtalýar.
Daşary ýurt metbugatynyň ýazmagyna görä, diňe Russiýada 30 müň çemesi, Belarusda 10 müňe golaý we Türkiýede 18 müňden gowrak türkmenistanly student okaýar.
“Studentler 10-12 sagat işländen soň, nädip okuw okasyn!? Men kitaby elime alan badyma, ýadawlykdan uklap galýaryn. Häzir tomusky synaglar başlandy. Bäş sany synagy nähili tabşyrjagymy bilemok” diýip Russiýada okaýan Polat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.