ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt

Täzelikler

17 Aprel 2021 / Türkmenistan

Türkmenistanda ýene bir iri nebit kärhanasy işgär sanyny kemeldýär

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody işgär sanyny 30 göterim töweregi kemeldýär. "Türkmendemirýollary" agentliginiň demir ýol ýük gatnawlarynyň hususylaşdyrylmagyna garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri türkmen ykdysadyýetindäki sarsgyn alamatlary barada habarlary ýetirmäge dowam etdirýärler. Habarçynyň maglumatlaryna görä, gündogar Türkmenistanda ýerleşýän nebit kärhanasy galan işgärleriniň aýlyk haklaryny Türkmenistanda öndürilen egin-eşik we nebit önümleri bilen tölemegi meýilleşdirýär.

Jikme-Jigräk
Häkimiýetler çörek öndürýän kiçi telekeçileriň işini togtadýar
13 Aprel 2021 / Türkmenistan

Häkimiýetler çörek öndürýän kiçi telekeçileriň işini togtadýar

Türkmenistanda ilatyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary dowam edýän wagty, Lebapda we Aşgabatda häkimiýetler çörek önümçiligi bilen meşgullanýan kiçi telekeçileriň işini togtadýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy aprelde Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda we Çärjew hem-de Farap etraplarynda çörek önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçileriň işiniň polisiýa tarapyndan togtadylandygyny habar berýär.

Türkmenistan: netijeligi bolmadyk pagta önümçilik ulgamynda adam zähmetini mejbury ulanylşy.
24 Mart 2021 / Türkmenistan

Türkmenistan: netijeligi bolmadyk pagta önümçilik ulgamynda adam zähmetini mejbury ulanylşy.

Amsterdam/Wena, 23-nji mart 2021-nji ýyl– Iki hökümete degişli bolmadyk türkmen  guramasy, Türkmen.news neşiri we Adam hukuklary boýunça  “Türkmen inisiatiwasy”, özleriniň bilelikde taýarlan “Türkmenistanda 2020-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly ýagdaýa syn” atly hasabatyny bu gün çap etdiler.  Ýurduň bäş sebitiniň dördüsinde, ýagny Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda  bu guramalaryň işgärleri tarapyndan geçirilen monitoringiň dowamynda toplanan maglumatlar bu hasabatyň esasyny düzdi.

'Gülkamaryň kyssasy', ýa-da daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işsizlikden kösenýär
12 Ýanwar 2021 / Türkmenistan

'Gülkamaryň kyssasy', ýa-da daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işsizlikden kösenýär

Onuň sözlerine görä, soňky bäş ýylda daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, ýurda dolanan ýüzlerçe darganataly we faraply ýaşlar häzirki wagtda ýa işsizlikden kösenýär, ýa-da agyr işlerde zähmet çekip, gün-güzeran aýlaýar. “Ýa-da ‘taksiçilik’ edýärler” diýip, bir ýaşaýjy habarçynyň sözlerini tassyklady.

23 Dekabr 2020 / Türkmenistan

Lebapda 1500-e golaý işgäre 'krizis sebäpli' üç aý bäri aýlyk berilmeýär

Lebap welaýatynda döwlete degişli ençeme kärhananyň işgärlerine "ykdysady krizis, maliýe ýetmezçiligi sebäpli" indi üç aý bäri zähmet haklary berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda Lebapdan habar berdi. Işgärleriň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň zawod-fabrikleriniň ençemesinde işleýän 1500-e golaý işgär zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenmegi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär.

5 Dekabr 2020 / Türkmenistan

Býujet işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” pul ýygnalýar

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” 20 manatdan pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda habar berdi.

16 Oktýabr 2020 / Türkmenistan

Wideo: Türkmenistan: Bagtyýar zamanyň agyr çagalyk döwri

Türkmenistandaky çaga zähmeti barada. Gadyrly tomaşaçylar! Bize habar ugratjak isleseňiz, Telegram iň amatly we howpsyz usuludyr. Bizi gözleg meýdançasynda @citizen322 arkaly tapyp bilersiňiz!