ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
24.03.2021 / Türkmenistan

Türkmenistan: netijeligi bolmadyk pagta önümçilik ulgamynda adam zähmetini mejbury ulanylşy.

Türkmenistan: netijeligi bolmadyk pagta önümçilik ulgamynda adam zähmetini mejbury ulanylşy.

Amsterdam/Wena, 23-nji mart 2021-nji ýyl– Iki hökümete degişli bolmadyk türkmen guramasy, Türkmen.news neşiri we Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy”, özleriniň bilelikde taýarlan “Türkmenistanda 2020-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly ýagdaýa syn” atly hasabatyny (faýly çekmek) bu gün çap etdiler. Ýurduň bäş sebitiniň dördüsinde, ýagny Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bu guramalaryň işgärleri tarapyndan geçirilen monitoringiň dowamynda toplanan maglumatlar bu hasabatyň esasyny düzdi. 

Monitoring geçirilen ähli etraplarda býujet edaralarynda işleýan işgärleriň, ýöriteleşdirilen ýokary we orta okuw mekdeplerde, liseýlerde okaýan talyplaryň, şeýle-de möhletli harby gullukdaky esgerleriň mejbury zähmeti ýetişen pagta hasylyny ýygnap almak üçin yzygiderli ulanyldy. Mejbury zähmete boýun bolmadyk býujetçilere öz işinden mahrum bolmak, okuwçy talyplara bolsa akademiki käýinç almak ýa-da okuwdan kowulmak ýaly temmiler göz öňünde tutulýar. 

Mundan başga-da býujet guramalaryň işgärleri “pagta ýygmak boýunça bellenen döwlet plany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin” öz alýan zähmet haklarynyň ujundan “meýletin” “hyraç” tölemeklige mejbur edildiler. Beýle töleglere bildirilýän talaplarda haýsydyr bir bitewi ulgamlyk alamaty göze ilmeýär. Mysal üçin, Türkmenabatda mekdep mugallymlar hakyna tutulan adamyň tölegi üçin hepdede iki gezek pul tabşyrmaga we her ikinji ýekşenbe güni hagta meýdanlara hut özleri ýa-da öz ornuna gapdaldan hakyna tutulan adamy ugratmaga borçly edildiler. Daşoguz welaýatynda bolsa welaýatyň ähli mekdep mugallymlary güýzki sekiz günlük kanikul döwri (22-nji oktýabrdan başlap) pagta ýygmaga ýa-da hakyna tutulan ýygymçynyň zähmetini tölemäge mejbur etdiler. 

Mejbury zähmetiň ulanmaklygyň özi diňe adam hukuklary baradaky halkara kadalaryň we düzgünleriň däl-de, eýsem Türkmenistanyň özüniň hem içerki kanunçylygynyň gödek bozulmasy bolup durýar. 

Býujet guramalarda işleýan adamlary meýdan işlerine çekmeklik ykdysadyýetiň bir giden ugurlarynyň kadaly we doly bahaly işine “urgy” bolýar. Pagta plany üçin hökman edilen pul tabşyrmaklyk bolsa işgärleriň we olaryň maşgalasynyň ýaşaýyş derejesine, aýratyn-da azyk önüme bolan nyrhlaryň hemişe galyp durýan, işläp zähmet hakyny alýan adamlaryň hem gün- güzerany zordan aýlaýan mahaly, özüniň negatiw täsirini ýetirýär. Ýaş çagalar hem meýdan işlerine, käte öz mugallymlary üçin hakyna tutulýan işçi hökmünde gatnaşdyrylýar. Bu bolsa olara doly we çuňňur bilim almaga päsgel berýär. 

“Köp sanly şaýatnamalaryň we subutnamalaryň bardygyna garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti pagta ýygymy wagtynda ýurtda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny yzygiderli ret edýär. Ykdysady we syýasy nukdaýnazardan hem seredeniňde, ýurduň häkimiýetleriniň bu aýylganç tejribäni bes etmegi we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen gepleşiklere başlamagy has peýdaly bolardy" diýip, "Turkmen.news" neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew aýdýar.

 

Koronawirus we pagta 

Resmi habarlara görä, koronawirus Türkmenistanyň içine aralaşmady. Emma şol bir wagtyň özünde-de ýurtda mekdep okuwçylaryň dynç alyş kanikullaryny uzaltmak, söwda, iýmit we hyzmat ediş kärhanalary ýapmak, agyz örtüklerini hökmany dakmaklyk düzgüni bozan adamlara jerime salmak ýaly berk çäklendiriji çäreler görüldi. Köpçulikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçilik guramalarda we okuw jaýlarda zerur bolan sosial aralygy, elleriň gigiýenasyny we howa-damja usuly bilen geçýän respirator keselleriň öňüni almak we beýleki çäreleri berk berjaý etmekligiň wajypdygy adamlara ündeldi. Emma bu berk çäreler pagta ýygymçylara degişli bolmady. Pagta meýdanlaryna çykarylýan býujet işgärler ýüz maskasyz, adamdan doly awtobuslarda işe gatnadyldy, olar iň bärki arassaçylyk şertleri bilen hem üpjün edilmedi.

 

Netijesiz pagta önümçiligi ulgamy 

Toslanan sanlara kowalaşmak, resmi maglumatlaryň aýdyňsyz bolmagy, ýerli emeldarlaryň aşa korrumpirlenmegi, kärendeçi daýhanlaryň öz hak-hukugyny ygtybarly gorap bilmezligi we şuňa meňzeş beýleki faktlar Türkmenistandaky gowaçany ösdürip ýetişdirmek we pagta hasyly ýygnap almak bilen bagly ulgamyň bütinleý netijesiz işleýşiniň görkezijisi hökmünde hasabatda getirilýär. 

Pagta boýunça plan kesgitlenende hökümet hakykat ýüzünde amala aşyryp bolmajak sanlary aýdýar. Köp halatlarda hakyky ýygnalýan hasyl hökümetiň “bildireninden” 50 göterime çenli az bolýar, bu sebäpden hem ýerlerdäki emeldarlar beýle aratapawutlygy ýapmak üçin dürli mümkinçilikleri agtarmaga başlaýarlar. Muňa subutnama we mysal hökmünde hasabatda Türkmenabatda bolup geçen bir ýygnak getirilýär. Onda her bir kärhananyň, şol sanda mekdebiň we hassahananyň 2,5 tonna pagtany hökmany suratda satyn alyp, ony hasyllyk görkezijini gowulandyrmak maksady bilen kabul ediş punkta eltmelidigi barada yglan edildi. 

Pagta öndürijileriň öz aralaryndaky ulanylýan hasaplaşyk tertibi nagtsyz çek hasaplaşmalardan başga-da gowaça ýetişdirmegiň her bir tapgyrynda (mehanizasiýa işleri we ş.m.) “goşmaça” nagt töleglerini hem göz öňünde tutýar. Pagta öndürijileriň öz sözlerine görä, hakykatda bu tölegler olary tehnika, tohum, dökün, suw we ekinleri kesellerden, mör-möjeklerden goraýan serişdeler bilen üpjün edýänlere berilýan para. 

Pagtany kabul ediş punktlarda pagtaçy daýhanlar getiren hasylyň bir bölegini gyrp-çyrp edýän emeldarlaryň tabynlygynda galýarlar. Gyrp-çyrp ýoly bilen daýhanlardan ogurlanan pagtany kabul ediş punktlaryň ýolbaşçylary soňra hasyly bitmedik kärendeçi daýhanlara pula satýarlar. Has takygy, kärendeçi daýhanlar hakykysyndan köp pagta tabşyrdy diýip, olara kepilnama berilýar. 

Hünärmenleriň pikirine görä, hakykat ýüzünde kärendeçiler bilen baglaşylan şertnamada bellenen pagta hasyly ýygnap almak gaty kyn we çylşyrymly. “Ýerleriň öte şorlaşmagy, amatsyz howa şertleri, suw we dökün ýetmezçiligi, tohumyň hiliniň pesligi we guramaçylyk kemçilikleri şertnamada bellenen hasyly almaga päsgel berýär. 

Sowet döwründen bäri galan dolandyryşyň administratiw-buýruk usuly we önüm öndürijilerde netijeli işe bolan höwesiniň ýoklugy ýurtda oba hojalyk pudagynyň ösmegine päsgel berýär. Netijede oba hojalyk önümleri öndürijiler gul bolmasa-da batrak boldular”. 

Munuň netijesinde daýhanlarda işlemek we gazanç etmek islegi doly ýitýär. Olaryň köpüsi alan kärende ýerlerini taşlap, serhetler açylan halatynda daşary ýurtlara işlemäge gitmegi planlaşdyrýarlar. 

"Türkmenistanyň köp sanly daýhanlary özlerine peýdasyz şertlerde pagta ösdürip ýetişdirmäge mejbur edýän we köp wagtdan bäri emele gelen paýhassyz oba hojalygy syýasatyny bes etmegi gerek - diýip, Adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasynyň" başlygy Farid Tuhbatullin aýdýar. - Döwlet daýhanlara özleriniň kärendesine alan ýerlerinde ekjek ekinlerini özleriçe kesgitlemäge, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň azyk howpsuzlygyny we daýhanlaryň maddy ýagdaýyny gowulaşdyrmaga rugsat bermeli”. 

*** 

2020-nji ýylyň noýabr aýynda oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew geljekde daýhanlaryň çykaran çykdajylaryny ödemek mümkinçiligini döretmek maksady bilen, olaryň bugdaýdyr gowaça ekýän ýerleriniň 30 % olaryň öz islegi boýunça beýleki ekinleri ekmäge beriljekdigini aýtdy. Emma onuň beýle mümkinçiligiň olara diňe pagta we bugday boýunça berilen döwlet planyň ýerine ýetirilen halatynda beriler diýip aýtmagy howatyr döredýär. Bular ýaly wadany 2018-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi hem beripdi. 2021-nji ýylyň pagta boýunça döwlet buýurmasynyň nähili möçberde boljagy, onuň öňki ýyldakysyna garanyňda hakykata näderejede ýakynlygy barada bir zat çaklamak kyn.  

Sprawka: Türkmenistanda ähli oba hojalyk erler döwlete degişlidir. Daýhanlar (fermerler) gowaça, bugdaý we beýleki ekinleri ekmek üçin ol ýerleri döwletden kärendä alýarlar. Her bir kärendeçi hasyl ýygnamak boýunça döwlet tarapyndan bellenen plany ýerine ýetirjekdigi barada özüne borçnama alýar. Borçnama ýerine ýetirilmese, kärendeçilere jerime salynýar we şertnama ýatyrylyp, olaryň ellerinden ýer alynmagy mümkin. Monopoliýa hukugyna eýe bolan döwlet kärendeçilerden öňünden bellenen hasylyň möçberlerini özüniň kesgitlän satyn alyş nyrhlardan alýar. Bu çenden aşa býurokratiýalaşan ulgam döwlet emeldarlary tarapyndan dürli hyýanatçylyklary etmek üçin köp sanly mümkinçilikleri döredýär, kärendeçileri tabynlyk ýagdaýda goýýar we pagta ýygymyna meýletiň-mejbury tertipte çekilýänleri, ýagny býujet edara işgärlerini işinden çykarylmak howpuna salýar. 

Çeşme: Türkmen.news