ölçeg::
A A A
Reňk: C C C
Görkezmek açmak aýyrmak
Adaty wariant saýt
11.05.2020 / Türkmenistan

Harasat: Telekeçileriň dikeldişe berjek ýardamlaryny diňe döwlet edaralary arkaly ibermek talap edilýär

Harasat: Telekeçileriň dikeldişe berjek ýardamlaryny diňe döwlet edaralary arkaly ibermek talap edilýär

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan harasatdan soňky dikeldiş işleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna döwletiň adyndan ejir çekenlere ýardam bermek soralýar, ýöne beriljek ýardamlar diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen iberiler.

Türkmenabatda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň hem-de orta hünärmen mekdepleriniň talyplary harasatyň yzda galdyran weýrançylygyny arassalamak işlerine çekilýär.

Türkmenabadyň bazarlarynda azyk önümleri gymmatlady.

Garaşsyz neşirler harasatdaky adam pidalary we weýrançylyk wideolaryny köpçülige ýetiren adamlaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegi barada habar berýär.

Telekeçilere diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen ýardam ibermäge rugsat berilýär

5-nji maýda paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza ýerli işewür toparlary we telekeçiler birleşmäniň nobatdan daşary ýygnagyna çagyryldy.

“Ýolbaşçylar ýygnaga gatnaşyjy telekeçilere we işewürlere ýüzlenip, olardan Lebapda [harasatdan] ejir çekenlere kömek bermegi haýyş etdiler. Adamlar muny uly höwes bilen goldadylar, olar azyk haryt, material we pul kömegini bermäge taýýardylar. Kimsi göni ýardam ibermek üçin kömege mätäçleriň öý salgylaryny sorady. Lebapda ejir çeken raýatlara kömek bermek üçin ýörite bank hasabyny açmak teklip edildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Ýöne ýolbaşçylar ýygnaga gatnaşyjylardan harasatdan ejir çeken raýatlara beriljek kömegiň birleşmäniň ýa-da oňa agza telekeçileriň adyndan däl-de, diňe döwletiň adyndan gowşurmaga rugsat beriljekdigini aýdýar:

“Seredip otursalar, kömegi Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň adyndan däl-de, diňe döwletiň adyndan geçirip bolýan ekeni. Şonuň üçin hem hasap açmak bolanok” diýip, habarçy aýtdy.

Ýygnaga gatnaşyjylara olaryň Lebaba ibermek isleýän ýardamlaryny diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen eýelerine gowşurmak teklip edildi:

“Serişdeleri döwlet edaralarynyň hasabyna geçirmeli, olar bolsa öz gezeginde kömekleri mätäçlere paýlap bermeli. Bu teklibe garşy çykanlar hem tapyldy, ýöne gatnaşyjylaryň özleri basyşdan gorkup, dörän garşylygy öz aralarynda ýatyrdylar” diýip, habarçy aýtdy. Şeýlelikde, harasatdan ejir çekenlere telekeçileriň ýardam gowşurmak meselesi doly netijelenmedi.

Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji aprelde weýrançylykly harasat turdy, bu regionlaryň ýaşaýjylary apy-tupanyň netijesinde agyr ýitgilere sezewar boldy. Ýöne tebigy betbagtçylykdan ejir çekenlere döwlet tarapyndan berilýän ýardamlar barada maglumat ýok.

Arassaçylyk işlerine talyplar çekilýär

Harasatyň gerimi, onuň netijeleri we dikeldiş işleri barada döwlet mediasyndaky maglumat boşlugy dowam edýän wagty, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda harasatyň yzda galdyran weýrançylygyny arassalamak işlerine şäherdäki mugallymçylyk institutynyň we orta hünärmen talyplarynyň çekilýändigini habar berýär.

“Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň hem-de şäherdäki orta hünärmen mekdepleriniň talyplary şäherde weýrançylygyň galdyran hapalaryny mejbury arassalaýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azyk önümleriniň bahalary

Bir tarapdan ýerli ilat adam pidalaryna getiren harasatyň netijeleri bilen, ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, häzirlikçe ýekme-ýek galyp kösenýän wagty, beýleki tarapdan Türkmenabatda iýmit önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.

“Türkmenabatda 1 kilogram alma 100 manat, hurma 100 manat, 1 kilogram et 55 manat, 1 kilogram jylka et 75 manat. Arada apelsin 80-90 manada çykdy, un [haltasy – 50 kg] 800 manat, gury miweler, erik 1 kilogramy 100-250 manat aralygynda” diýip, habarçymyz Lebabyň merkezinden habar berdi.

Adam pidalary we tussag etmeler

Turkmen.news harasatdaky adam pidalary barada habar bermegini dowam etdirýär. 7-nji maýda neşir adam ýitgileri barada çap eden nobatdaky habarynda Türkmenabadyň 29-njy orta mekdebiniň himiýa we biologiýa mugallymy, Farap şäheriniň ýaşaýjysy 51 ýaşly Naila Ýenikeýewanyň Farapda bolan harasatyň netijesinde elektrik sütüniniň ýere gaçmagy bilen pajygaly ýagdaýda aradan çykandygyny habar berdi.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri Lebapda we Maryda turan tupan hem-de onuň netijelerini görkezýän wideolary köpçülige ýetiren adamlary tussag edýär. 7-nji maýda “Türkmenistanyň hronikasynyň” habar bermegine görä, türkmen häkimiýetleri Türkmenabatda harasat wideolaryny köpçülige ýetiren 66 adamy saklady we olardan 2 aýal adama garşy jenaýat işi gozgaldy

Azatlyk Radiosy